Pazartesi, Eylül 13, 2004

II Bölüm - GÖKDEPE URŞY WE TÜRKMEN JEMGYİETÇILIGI

Gökdepe urşunyñ ỳyl dönümi mynasybetli biz ỳazyjy A.Welsaparyñ ”GÖKDEPE URŞY WE TÜRKMEN JEMGYÝETÇILIGI” atly publisistik kitabyndan bölekleri çap etmägi dowam edỳäris.

TÜRKMENLER NÄDIP ÖZ GARAŞSYZLYGYNY ÝITIRDILER?

Türkmenler kolonial gulçulyga nädip we nämüçin düşdüler? Eýsem bu gutulgysyzlykmydy?

X1X asyryñ ahyryna deñiç eýýäm goñşy halklaryñ hemmesi yzagalak feodal häsýetli bolsa-da, merkezleşdirilen döwlet gurluşynda ýaşap ýördüler. Türkmenleriñ bolsa, entegem merkezleşdirilen bir bütewi döwleti ýokdy. Her taýpanyñ öz hany bardy, her taýpa aýratyn bir kiçijik döwletdi. Emma bu tire-taýpa erkinçiligi türkmenlere gitdigiçe gymmat düşýärdi. Çünki aýry ýaşap, bir taýpa bolup, töwerekden günde-günaşa dökülip duran güýçli duşmanlaryñ garşysyna durmak kyndy. Taýpa han-begleriniñ özara umumy dil tapyp bilmezligi, syýasy garaýyşlarynyñ çäkliligi, ýurtda we onuñ daşynda emele gelen taryhy, syýasy ýagdaýa töwerekleýin göz ýetirip bilmezlikleri halkyñ başyndan agyr synag bolup inýärdi, tozgunçylyk gün-günden güýçlenýärdi. Türkmenler işe ukypsyz, körzehin ýa-da ýaltaçylyk sebäpli däl-de, eýsem bütewi döwleti bolmanlygy zerarly jemgyýetçilik ösüşinde goñşy halklardan göz-görtele yza galyp, patriarhal durmuşda ýaşamaklaryny dowam edýärdiler. Türkmen topragy bölek-bölekdi: onuñ bir bölegi Buhara emirliginiñ, beýlekisi Hywa hanynyñ golastynda bolsa, ýene bir bölegi Eýran patyşasyna garaşlydy. Diñe merkezi Türkmenistan şol döwre çenli öz garaşsyzlygyny saklapdy, ýöne bu-da gitdigiçe kyn düşýärdi we gitdigiçe has uly adam we material pidalaryny talap edýärdi.

Türkmen han-begleriniñ arasyndan has öñdengörüjileri bu dörän ýagdaýdan mundan bu ýana uzaklaşdyrman baş alyp çykmagyñ gerekdigine düşünýärdiler. Bileleşip ýaşamagyñ, dürli meselelri çözmegiñ, ýurdy goramagyñ, ýagy gaýtarmagyñ xas añsat boljakdygy köre hasady. Bütewi döwletiñ bolmasa mal-mülküñ mydama gorky astyndadygy, arkaýyn ýaşaýyşyñ ýoklugy akyly bolana düşnüklidi. Hut şonuñ üçinem baryp-ha Magtymgulynyñ döwründen bäri türkmen tire-taýpalarynyñ syýasy birleşigini gazanmak, merkezleşdirilen döwleti döretmek, bir döwlete gulluk etmek ugrunda göreş gidýärdi. Birleşmek ideýasy ähli türkmen tire-taýpalarynyñ arasynda deñ derejede ýörgünlidi, bu ugurda ep-esli işler-de edilip ýördi. Ruslar gelmeziniñ öñüsyrasynda Ahaldyr Mary ilaty eýýäm bir hana boýun egýärdiler, olary Nurberdi han dolandyrýardy. Kesarkajyñ kiçi tire-taýpalarynyñ hemmesi, şeýle-de gökleñ, gerkez taýpalary tekeler bilen konglomerat, ýagny erkin bileleşik derejesindäki gatnaşykdadylar. Bu bolsa, elbetde, äýýäm döräp barýan merkezleşdirilen döwletiñ ilkinji alamatlarydy.

XIX asyryñ ortalarynda, has takygy 1858-nji ýylda bolup geçen meşhur Garrygala urşunda Eýran basybalyjylarynyñ garşysyna teke, ýomut, gökleñ, gerkez taýpalarynyñ birleşen goşunlaryna Nurberdi hanyñ serkerde saýlanmagy-da, agzalan prosesiñ barha tizleşýändiginden we çuñlaşýandygyndan habar berýärdi. Umuman, şol döwre çenli türkmen tire-taýpalarynyñ erkin birleşigi, käbir reaksion han-begleriñ garşylygyna garamazdan, bütin türkmen topragynda rowaçlanyp başlapdy diýse bolar. Bu aýratynam daşky duşmanlara gaýtawul bermeli bolanda aýdyñ ýüze çykýardy. Taryhyñ görkezişi ýaly tire-taýpa konglomeratynyñ emele gelmegi merkezleşdirilen döwletiñ döremeginiñ birinji basgançagydyr. Diýmek, X1X asyryñ ikinji ýarymynda agzalan proses biziñ topragymyzda gitdigiçe güýçlenýärdi we ýakyn taryhy döwürde düýbi tutuljak merkezleşen döwletiñ alamatlary barha äşgär görünýärdi. Daşarky duşmanlaryñ zor salmagy-da bu prosesi tizleşdirýärdi. Emma bu zerur syýasy prosesiñ gutarnykly ýeñmegi we dagynyk türkmen taýpalarynyñ bir döwlete birikmegi üçin türkmenlere, gynansak-da, taryhy wagt ýetmezçilik edýär. Basybalyjy rus patyşasynyñ gowy ýaraglanan, san taýdan agdyk, döwrebap harby tälim berlen goşunlary Türkmenistana çozup girýärler we orta asyr ukusyndan ýañy oýanan, ýöne entek örboýuna dikelip ýetişmedik halky özlerine bakna edýärler.

Türkmenler kolonial gulçulyga nädip we nämüçin düşdüler? Eýsem bu gutulgysyzlykmydy?

X1X asyryñ ahyryna deñiç eýýäm goñşy halklaryñ hemmesi yzagalak feodal häsiýetli bolsa-da, merkezleşdirilen döwlet gurluşynda ýaşap ýördiler. Türkmenleriñ bolsa, entegem merkezleşdirilen bir bütewi döwleti ýokdy. Her taýpanyñ öz hany bardy, her taýpa aýratyn bir kiçijik döwletdi. Emma bu tire-taýpa erkinçiligi türkmenlere gitdigiçe gymmat düşýärdi. Çünki aýry ýaşap, bir taýpa bolup, töwerekden günde-günaşa dökülip duran güýçli duşmanlaryñ garşysyna durmak agyrdy. Taýpa han-begleriniñ umumy dil tapyp bilmezligi, syýasy garaýyşynyñ dünýäde şol wagta çenli eýýäm emele gelen taryhy we syýasy ýagdaýa töwerekleýin göz ýetirip bilmezlikleri halkyñ başyndan agyr synag bolup inýärdi, tozgunçylyk güýçlenýärdi. Türkmenler işe ukypsyz, körzehin ýa-da ýaltaçylyk sebäpli däl-de, eýsem bütewi döwleti bolmanlygy zerarly jemgyýetçilik ösüşinde goñşy halklardan göz-görtele yza galýardylar. Biziñ topragymyzda yzagalak patriarhal durmuş dowam edýärdi. Türkmen topragy bölek-bölekdi: onuñ bir bölegi Buhara emirliginiñ, beýlekisi Hywa hanynyñ golastynda bolsa, ýene bir bölegi Eýran patyşasyna garaşlydy. Diñe merkezi Türkmenistan şol döwre çenli öz garaşsyzlygyny saklapdy, ýöne bu-da gitdigiçe kyn düşýärdi.

Türkmen han-begleriniñ arasyndan has öñdengörüjileri bu dörän ýagdaýdan mundan bu ýana uzaklaşdyrman baş alyp çykmagyñ gerekdigine düşünýärdiler. Bileleşip ýaşamagyñ, dürli meselelri çözmegiñ, ýurdy goramagyñ, ýagy gaýtarmagyñ xas añsat boljakdygy köre hasady. Bütewi döwletiñ bolmasa mal-mülküñ mydama gorky astyndadygy, arkaýyn ýaşaýyşyñ ýoklugy akyly bolana düşnüklidi. Hut şonuñ üçinem baryp-ha Magtymgulynyñ döwründen bäri türkmen tire-taýpalarynyñ syýasy birleşigini gazanmak, merkezleşdirilen döwleti döretmek, bir döwlete gulluk etmek ugrunda göreş gidýärdi. Birleşmek ideýasy ähli türkmen tire-taýpalarynyñ arasynda deñ derejede ýörgünlidi, bu ugurda ep-esli işler-de edilip ýördi. Ruslar gelmeziniñ öñüsyrasynda Ahaldyr Mary ilaty eýýäm bir hana boýun egýärdiler, olary Nurberdi han dolandyrýardy. Kesarkajyñ kiçi tire-taýpalarynyñ hemmesi, şeýle-de gökleñ, gerkez taýpalary tekeler bilen konglomerat, ýagny erkin bileleşik derejesindäki gatnaşykdadylar. Bu bolsa, elbetde, äýýäm döräp barýan merkezleşdirilen döwletiñ ilkinji alamatlarydy.

XIX asyryñ ortalarynda, has takygy 1858-nji ýylda bolup geçen meşhur Garrygala urşunda Eýran basybalyjylarynyñ garşysyna türkmenleriñ iri taýpalarynyñ birleşip söweşmekleri we teke, ýomut, gökleñ, gerkez taýpalarynyñ birleşen güýçlerine Nurberdi hanyñ serkerde saýlanmagy-da, agzalan prosesiñ barha tizleşýändiginden we çuñlaşýandygyndan habar berýärdi. Umuman, şol döwre çenli türkmen tire-taýpalarynyñ erkin birleşigi, käbir reaksion han-begleriñ garşylygyna garamazdan, bütin türkmen topragynda rowaçlanyp başlapdy diýse bolar. Bu aýratynam daşky duşmanlara gaýtawul bermeli bolanda aýdyñ ýüze çykýardy. Taryhyñ görkezişi ýaly tire-taýpa konglomeratynyñ emele gelmegi merkezleşdirilen döwletiñ döremeginiñ birinji basgançagydyr. Diýmek, X1X asyryñ ikinji ýarymynda agzalan proses biziñ topragymyzda gitdigiçe güýçlenýärdi we ýakyn taryhy döwürde düýbi tutuljak merkezleşen döwletiñ alamatlary barha äşgär görünýärdi. Daşarky duşmanlaryñ zor salmagy-da bu prosesi tizleşdirýärdi. Emma bu zerur syýasy prosesiñ gutarnykly ýeñmegi we dagynyk türkmen taýpalarynyñ bir döwlete birikmegi üçin türkmenlere, gynansak-da, taryhy wagt ýetmezçilik edýär. Basybalyjy rus patyşasynyñ gowy ýaraglanan, san taýdan agdyk, döwrebap harby tälim berlen goşunlary Türkmenistana çozup girýärler we orta asyr ukusyndan ýañy oýanan, ýöne entek örboýuna dikelip ýetişmedik halky özlerine bakna edýärler.

http://www.geocities.com/agzybirlik2000

0 Comments:

Yorum Gönder

<< Home